Ozal habar berşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy boldy.
TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Sankt-Peterburg şäherine sapary Arkalaşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn başlangyç boldy. Türkmenistan GDA boýunça hyzmatdaşlar bilen, umuman, halkara giňişlikde özara gatnaşyklaryň bu ugruny ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns berer.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, hususan-da, medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly ugurlara möhüm orun degişlidir. Munuň özi halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeni dialogy ösdürmäge goşant goşýar. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer ugurly hereketler özara hyzmatdaşlygy uzak möhletli, durnukly ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi babatda-da täze mümkinçilikleri açýar.
