Türkmenistanyň harby bölümlerinde ýaş esgerleriň Harby kasamy kabul edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Bu däp Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Harby borçluluk we harby gulluk hakynda» Kanuna laýyklykda amala aşyrylýan güýzki çagyryş möwsüminiň möhüm tapgyry bolup durýar.
Kasam kabul etmek dabaralary esgerleriň ýakyn garyndaşlarynyň we dostlarynyň gatnaşmagynda harby bölümleriň meýdançalarynda geçirilýär. Ýöriş we bedenterbiýe taýýarlygyny, harby düzgünnamalary öwrenmegi, gullugyň howpsuzlyk esaslaryny hem-de ýaraglaryň taktiki-tehniki aýratynlyklaryny öz içine alýan başlangyç taýýarlyk tapgyry tamamlanandan soň, täze esgerler ilkinji gezek jemgyýetiň öňünde Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny goramak baradaky kasamy kabul edýärler.
Ýaş esgerler öz täsirlerini paýlaşýarlar. «Kasam kabul etmek — ömür boýy ýatda galjak pursat. Meniň üçin goşunda gulluk etmek — hormatly borç, Watan goragçylarynyň hatarynda durýandygym üçin buýsanýaryn» — diýip, harby gulluga çagyrylan esger Maksat Geldiýew belledi.
Täze esgerleriň biri Amanmyrat Kakaýew bolsa harby gulluk bilen ykbalyny baglamak niýetini paýlaşmak bilen, «Çagalykdan goşuna özümi bagyşlamagy arzuw etdim. Harby gulluga çagyryşdan soň Ýaragly Güýçlerde zähmet ýolumy dowam etdirip, Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny berkitmäge goşant goşmak isleýärin» — diýdi.
Kasam kabul edileninden ertesi gün esgerler umumy harby we ýörite taýýarlyga girişerler, ilkinji wezipelere bellenip, gullugyň tertibine laýyklykda wezipelerini ýerine ýetirmäge başlarlar.
Dabaraly çäreler Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen 2025-nji ýylyň oktýabr–dekabr aralygyndaky harby çagyryş möwsüminiň barşynda dowam eder.
