21-nji noýabrda Medeniýet ministrliginiň şekillendiriş sungaty sergi merkezinde «Abstraksiýanyň dünýäsi» atly döredijilik sergisi açyldy. Çäräniň guramaçysy Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi boldy.

Sergi 150-den gowrak şekillendiriş sungaty, heýkeltaraşlyk we amaly-bezeg sungatynyň eserlerini birleşdirdi. Gatnaşanlaryň arasynda tejribeli ussatlar bilen bir hatarda abstrakt ugry boýunça işlerini hödürlän ýaş suratkeşler hem bar.

Sergide Güljahan Orazmämmedowa, Rustam Abdyllaýew, Täçjemal Gylyçdurdyýewa, Çarymyrat Ýazmyradow, Mämmet Wepaýew, Annageldi Mämmetnurov we beýleki awtorlaryň işleri görkezilýär. Eserler 2011–2025-nji ýyllar aralygynda döredilip, abstrakt sungata dürli çemeleşmeleri açyp görkezýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, görkezilen işler reňk çözgütleriniň köp dürlüligi we milli nagyşlaryň ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda bar bolan däpleriň dowamlylygyny hem görkezýär.
«Abstraksiýanyň dünýäsi» sergisi 10 gün dowam eder.
