Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry fransuz ýazyjysy Prospero Merimeniň «Söýgi ýolunda» atly eseriniň esasynda täze sahna oýnunyň premýerasyna taýýarlyk görýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Komediýa söýgi temasyna bagyşlanýar. Sahna eserini goýujy režissýor teatryň baş režissýory Ata Gullarow bolup, esasy keşpleri artistler Kakamyrat Hanjaýew we Mekan Bekmyradow ýerine ýetirýärler.
Premýera ýakyn günlerde bolar we ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanýar.
Mundan başga-da, teatr Mihail Sodokowyň eseriniň esasynda «Maşa bilen aýy» atly çagalar üçin sahna oýnuny taýýarlap, gyşky dynç alyş döwründe ýaş tomaşaçylara hödürlemegi meýilleşdirýär.
