Turkmenportal logo
22.11.25
1454414544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bangladeşde ýer titredi
Surat: Avrupa Gazete

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinden 27 kilometr demirgazyk-gündogarda ir sagat 7:38 minutda güýji 5,5 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Bitewi geofiziki gullugynyň Altaý-Saýan bölümine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Ýer yranmasy örän güçli diýip alymlar bellediler. Onuň merkezi 10 kilometr çuňlukda ýerleşdi.

Ýurduň DBC teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» internet portalynyň ýazmagyna görä, tebigy betbagtçylyk netijesinde azyndan alty adam pida bolupdyr.