2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap Özbegistanda daşary ýurtly myhmanlar üçin bitewi syýahatçylyk platformasy we ýörite ykjam goşundy işläp başlar — diýip, sputniknews.ru saýty habar berýär.
Täze hyzmatyň kömegi bilen syýahatçylar elektron SIM kartalaryny (eSIM) ulanyp bilerler, ýerleşýän ýerinde awtomatiki hasaba alynarlar we syýahat ugurlaryny düzüp bilerler.
Platforma muzeýlere we medeni desgalara girmegi üpjün edýän bitewi bilet ulgamyny öz içine alar. Mundan başga-da, goşundynyň ulanyjylary ulag üçin bilet satyn alyp bilerler.
Bitewi syýahatçylyk platformasynyň işe girizilmegi daşary ýurtly myhmanlaryň Özbegistanda bolmagyny ýeňilleşdirmäge we ýurduň syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir.
