Turkmenportal logo
21.11.25
1451714517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda 1 million dollardan gowrak we 78 million manatlyk geleşik baglaşyldy

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nobatdaky söwda amala aşyryldy.

Birža söwdalarynda daşarky bazarda Ukraina döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden umumy nebit koksyny, Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 047 000,00 ABŞ dollaryna we 78 780 000,00 manada deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.