Turkmenportal logo
21.11.25
1743017430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukaşenko dünýäde iň gowy traktor öndürmek barada tabşyryk berdi
Surat: Rtvi.com

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň Minsk traktor zawodynyň (MTZ) täze bellenen baş direktoryna tehnikalaryň satuwy boýunça işleri güýçlendirmegi hem-de olaryň hiline gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada belarus Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «Radiomir.by» habar berdi. Prezident täze ýolbaşça bu ugurdaky işleriň netijeleri barada geljek ýylyň başynda hasabat bermelidigini belledi.

Lukaşenko belarus traktorlaryna tutuş dünýäniň mätäçlik çekýändigini, şonuň üçin bazarlary gözläp, ýerli tehnikanyň satuwlarynyň artdyrylmalydygyny sözüniň üstüne goşdy.

«Eger belli bir wagtda nämedir bir iş başa barmaýan bolsa, hil barada kelle döwüň. Supertraktor öndüriň. Goý, ol dünýäde iň gowy bolsun, gymmadrak hem satyň. Men-ä ýagdaýdan çykalgany şunda görýärin» diýip, Lukaşenko aýtdy.

Belarusyň Lideri: «MTZ (Minsk traktor zawody) ýurduň brendidir, diýmek, ýokary hilli önüm öndürmek gerek» diýip nygtady.