Turkmenportal logo
21.11.25
1379213792
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaş türkmen suratkeş gyzy «Dünýäniň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly bäsleşikde Gran-pri baýragyna eýe boldy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň ikinji synp okuwçysy Aziza Bäşimowa Moskwada geçirilen Bütindünýä çagalar festiwalynyň çäklerindäki «Deti mira: wremýa družit» («Dünýäniň çagalary: dostlaşmagyň wagty») atly bäsleşikde Gran-pri baýragynyň ýeňijisi boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bäsleşikde Aziza «Gel, dostlaşaly!» atly surat işi bilen çykyş etdi. Tanymal suratkeşlerden düzülen eminler toparynyň karary bilen ýaş zehinli suratkeşe kubok, ýörite diplom hem-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgat berildi.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Azizanyň ýeňşinde onuň mugallymy — Ýelena Işangulyýewanyň hem uly paýy bar. Mugallymyň ussatlyk bilen taýýarlamagynyň netijesinde onuň okuwçylary döwlet we halkara derejeli bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar.

Şeýle-de, ýakynda Bakuda geçirilen VII halkara çagalar döredijilik bäsleşigi — «Dostlugyň şöhleleri» («Dostlugun sehri») atly döredijilik duşuşygynda onuň dört okuwçysy: Nurana Jumaýewa, Gülüstan Rejepowa, Aziza Bäşimowa we Dünýagözel Şadyýewa baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşiklerindäki üstünliklerine bagyşlanyp, Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde ýeňijilere we baýrak alanlara hormat goýmak dabarasy geçirildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet müdirliginiň işgärleri, mugallymlar, talyplar, okuwçylar hem-de ene-atalar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda yhlasly zähmeti we ýokary netijeleri gazanandygy üçin mugallym Ýelena Işangulyýewa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Medeniýet müdirliginiň hormat hatlary bilen sylaglandy.