Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda W.A.Uspenskiniň Türkmenistana geçiren ekspedisiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen saz sungatynyň taryhyndan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa sungaty öwreniji alymlar, sazşynaslar, konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Duşuşykda çykyş edenler W.Uspenskiniň ylmy sapary, aýdym-saz ýazgylary, türkmen halkyna we aýdym-saz sungatyna hormat-sarpasy, «Türkmen sazy» kitabynyň sungaty öwreniş ylmyndaky ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Sungaty öwreniji alym Suhan Tüýliýewiň belleýşi ýaly, «Türkmen sazy» kitaby folklorçy alym we kompozitor, W.Uspenskiniň 1925 — 1930-njy ýyllarda Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň üçüsiniň dowamynda toplanan maglumatlar hem-de W.Belýaýewiň şol esasynda geçiren ylmy derňewi netijesinde döräpdir. Halypa-şägirtlik gatnaşyklary, bagşy-sazandalaryň saz mirasy, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, dessanlar barada maglumatlary hem-de türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde «Türkmen sazy» kitaby örän uly taryhy ähmiýete eýedir.
W.Uspenskiý Türkmenistana ylmy saparyny 1925-nji ýylyň awgust aýynda Marydan başlaýar. Ol sentýabryň aýaklaryna çenli Muhammetmyrat Nepesliýewiň öýünde myhmançylykda bolýar. Bu adam örän myhmansöýer, adamkärçilikli, şonuň bilen birlikde hem jemgyýetçilik we guramaçylyk işine ukyply eken. Alym belli bagşy-sazandalardan birnäçe aýdym-sazlary ýazyp alýar.
M.Nepesliýew şol wagtlar 35 ýaşynda eken. Ol sazanda we bagşy bolupdyr, üstesine tüýdük çalmagy hem başarýan eken. Uspenskiý «Türkmen sazy» atly ajaýyp kitabynda Muhammetmyrat barada söz açyp, ony şeýle häsiýetlendirýär: «Türkmenistan boýunça söken menzillerimiň ähli kynçylyklaryny özüm bilen deň çekişen, türkmen halk saz döredijiligini ýygnamaga gatnaşan ilkinji türkmen hökmünde ol halkyň aňynda hormatly orny eýelemäge mynasypdyr».
Alymyň ýurduň ähli welaýatlary boýunça ylmy sapary üstünlikli tamamlanypdyr. Ikinji ylmy sapary barada alym kitabyň ikinji jildinde şeýle ýazýar: «...1928-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabada dolanyp bardym. Şunlukda, meniň Türkmenistandaky ikinji saparym hem tamamlandy... Myhmanyna töründen orun, ýyly mähir we duz-çörek beren asylly hem myhmansöýer türkmenleri hemişe çuňňur hoşallyk duýgusy bilen ýatlaryn».
W.Belýaýew bolsa: «Şu işiň esasynda IХ — ХI asyrlara degişli Orta Aziýa medeniýetiniň bir bölegi hökmünde biziň günlerimize gelip ýeten türkmen sazynyň aňrybaş taryhy gymmaty baradaky pikir goýuldy» diýmek bilen, kitabyň ylmy gymmatyny tekrarlaýar.
