Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
