Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow aýry-aýry futbolçylary tapawutlandyrmaýandygyny, ýygyndy üçin çagyrylan ähli oýunçylary deň görýändigini aýtdy.
«Bizde esasy düzüm ýok. Bizde başlangyç düzüm bar we soňundan çalşyp biljek oglanlarymyz bar. Eger 23 oýunçy çagyrylsa, şol 23 oýunçy hem düzüme çykmaga mynasypdyr» — diýip, Meredow Hytaý Taýbeýi bilen geçirilen (3:1) ýeňişden soňky metbugat ýygnagynda belledi.
Baş tälimçi duşuşykda çalşylyp, oýna giren oýunçylary aýratyn nygtady. «Arkadagyň» 23 ýaşly hüjümçisi Baýram Ataýew milli ýygyndyda ilkinji gezek çykyş edip, 79-njy minutda meýdana çykdy. «Bu gowy başlangyç boldy diýip hasaplaýaryn» — diýip, Meredow onuň çykyşyna baha berdi.
Gyrgyzystanyň «Gyrgyzaltyn» klubunda çykyş edýän 25 ýaşly hüjümçi Meýlis Diniýew 70-nji minutda çalşyp oýna girip, 79-njy minutda Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin ilkinji goluny geçirdi. «Diniýew girip, öz etmeli degişli işini ýerine ýetirdi, ýygyndyny güýçlendirdi» — diýip, tälimçi nygtady.
Meredow duşuşykda bäş oýunçyny çalyşmak mümkinçiliginiň hemmesinden peýdalandy, sebäbi ýygyndyda ussat oýunçylaryň ýetmezçiligi bardy. Oýnuň öňüsyrasynda baş tälimçi Şanazar Tirkişowyň, Altymurat Annadurdyýewiň, Yhlas Saparmämmedowyň, Abdy Bäşimowyň, şeýle hem Kakageldi Berdiýew bilen Hojageldi Hojowyň agyr şikes alandygyny, olaryň ýygynda çagyrylandan soň hem çalşylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Yhlas Toýjanow hem şikeslidi.
«Biz tejribeli futbolçylary – Zafar Babajanowy, Alybek Abdyrahmanowy çagyrdyk, olar uzak wagtlap ýygyndyda oýnamandylar. Ilkinji gezek «Arkadagdan» Baýram Ataýew milli ýygynda çykyş etmäge çagyryldy» — diýip, Meredow duşuşykdan öň gürrüň berdi.
«Her bir oýunçy milli ýygyndynyň eşigini geýip meýdana çykanda, doly güýjüni bermäge borçludyr. Eger oňa çakylyk berlen bolsa, şol pursatda tälimçiler toparynyň pikiri boýunça iň gowularyň biridir we 100 göterim güýjüni bermäge borçludyr» — diýip, baş tälimçi sözüni jemledi.
Hytaý Taýbeýi bilen gazanylan ýeňiş Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 12 utuk bilen Aziýanyň Kubogy – 2027 saýlama tapgyrynyň D toparçasynda liderligini saklamaga mümkinçilik berdi. Ýygyndy goşmaça görkezijiler boýunça Taýlanddan öňe saýlanýar.
