Turkmenportal logo
19.11.25
1565515655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tagaýew Hytaý Taýbeýiniň derwezesine geçiren goluny şikes alan Tirkişowa bagyş etdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Elman Tagaýew Aziýanyň Kubogy – 2027 saýlama tapgyrynda Hytaý Taýbeýine garşy geçirilen duşuşykda (3:1) geçiren goluny şikes alan topardaşyna – Şanazar Tirkişowa bagyşlandygyny aýtdy.

«Oýundan öň şikes alan Şanazar Tirkişow bilen jaňlaşdyk, eger gol geçirsem, 14-nji belgini görkezjek diýip, men oňa söz berdim» — diýip, Tagaýew duşuşykdan soňky metbugat ýygnagynda belledi.

Duşuşygyň 53-nji minutynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany owadan urgudan soň topy garşydaşynyň derwezesine girizip, hasapda 2:1 öňe çykardy. Derwezäni almak bilen bir wagtda Tagaýew ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen bilelikde meýdançanyň gyrasyna ylgap, Çaryýewiň arkasyndaky 14-nji belgini görkezdi – bu belgide adatça şikes alan Tirkişow çykyş edýär.

Tagaýew üçin bu gol Aziýanyň Kubogy – 2027 saýlama tapgyryndaky üçünji goly boldy. Hytaý Taýbeýi bilen geçirilen duşuşykda gazanylan ýeňiş Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 12 utuk bilen D toparçasynda liderligini saklamaga mümkinçilik berdi. Biziň ýygyndymyz goşmaça görkezijiler boýunça Taýlanddan öňe geçýär.