Türkmenistanly suratkeşler «Merkezi Aziýa: beýik geçmiş we beýik geljek» atly halkara surat sergisine gatnaşdylar. Bu sergi 15-nji noýabrda «Merkezi Aziýada ruhy miras we bilim» atly Halkara kongresiniň çäklerinde geçirildi.
Serginiň açylyş dabarasy Daşkentde, Özbegistanyň Sungat akademiýasynyň Merkezi sergi zalynda boldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sergide Merkezi Aziýa sebitinden we Azerbaýjandan on sany surat görkezildi.
Sergide Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyny Çarymyrat Ýazmyradow, Toýly Çopanow, Gahryman Goçmyradow, Rahman Umarow, Maksat Hudaýberdiýew we Hojamuhammet Çüriýew ýaly suratkeşleriň işleri görkezdi.
Sergini guraýjylar Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowa medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky medeni gepleşikleri çuňlaşdyrmaga goşan uly goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Çeşmäniň bellemegine görä, sergiden başga-da, Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlarynyň suratkeşleriniň «Beýik taryh – beýik geljek» atly mejlisi hem geçirildi.
