Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian dekabr aýynda Türkmenistana we Gazagystana sapar eder. Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bu barada Hazarýaka sebitleriň häkimleriniň birinji forumynyň açylyş dabarasynda aýtdy diýip, Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
«Eýranyň Prezidenti Russiýada we Azerbaýjanda saparda boldy, bu saparlar örän üstünlikli geçdi. Indiki aýyň dowamynda ol Türkmenistana we Gazagystana sapar eder» diýlip, habarda bellenilýär.
Hazarýaka sebitleriň häkimleriniň birinji forumy 18-19-njy noýabrda Eýranyň demirgazygyndaky Gilýan welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Reşt şäherinde geçirilýär.
Bu çärä Russiýadan, Azerbaýjandan, Türkmenistandan we Gazagystanyň wekiller gatnaşýarlar. Eýrana daşary işler ministri Abbas Arakçi, senagat, magdan we söwda ministri Mohammad Atabak we medeni miras, syýahatçylyk we el işleri ministri Reza Salehi-Amiri wekilçilik edýärler.
