Bitkoiniň nyrhy şu ýylyň aprelinden bäri ilkinji gezek 90 müň dollardan hem arzanlady. Bu barada söwdalaşyklara salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Ýagny kriptopuluň bahasy 5,96 göterim arzanlady. Moskwa wagty bilen sagat 6:35-de ol 89,7 müň dollara deň boldy.
Öň bitkoiniň bahasy 5-nji oktýabrda 125,18 müň dollara çenli gymmatlapdy.
