Turkmenportal logo
18.11.25
1412214122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Surat: Anadolu Ajansı

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Edgar Rinkewiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.