Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, 3 altyn, 10 kümüş we 12 bürünç, jemi 25 sany medala mynasyp boldular. Tailand Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen Jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatyna 58 döwletden 1 müň 100-e golaý türgen gatnaşdy.
Zenanlaryň arasynda 48 kilogram agramda çykyş eden Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hurma Abdyýewa jiu-jitsunyň kontakt AIMAG we HIF kontakt görnüşleri boýunça 2 altyn medal gazandy. Ýurduň ýygyndy toparynyň üçünji altyn medaly bolsa erkekleriň arasynda 69 kilogram agramda çykyş eden Seýdylla Akmämmedowa degişlidir.
Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň türgenleriniň birnäçesi söweş sportunyň dürli görnüşleri we agram derejeleri boýunça kümüş hem-de bürünç medallary eýelediler. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Suraý Gökgäýewanyň, Yslam Öwezowyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Parahat Rahmanowyň hersi bir kümüş we bir bürünç medal gazandylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Marýam Wafaýewa zenan türgenleriň arasynda 57 kilogramda, Mälikberdi Begiýew bolsa 94 kilogramda erkekleriň arasynda kümüş medallara eýe boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Annagurt Amanmyradow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Alyşir Jumamyradow, Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Agasapar Muhadow, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Yslam Rejepow, Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Rahmet Taganow kümüş medallara mynasyp bolan türgenleriň hataryna goşuldylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Aminat Guwanjowanyň we Eziz Ýollyýewiň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Şyhberdi Rahmanowyň hersi 2 bürünç medal gazandy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Begli Saparow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Bagtyýar Myradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýnur Kullyýewa bürünç medallara mynasyp bolup, ýaryşda netijeli çykyş etdiler.

