20 — 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berýär.
Sergi Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerini görkezmek we iki goňşy döwletiň arasynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen guralýar.
Serginiň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
