Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlagyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gutlagynda döwlet Baştutanynyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň netijesinde ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornunyň barha berkeýändigi bellenilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, Merkezi Aziýa sebitinde işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň goşandynyň uludygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi açylyp ulanmaga berildi. Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine jan saglyk, uzak ömür, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we döredijilikli daşary syýasatynyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
