Turkmenportal logo
18.11.25
1367113671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mere­dow Türkmenistanyň ýygyndysynyň şikes alan futbolçylary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow şikes alan futbolçylaryň Hytaý Taýbeýine garşy 2027-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynyň saýlama oýnunda gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy.

«Şanazar Tirkişow, Altymyrat Annadurdyýew, Yhlas Saparmämmedow agyr şikes aldylar. Öňki oýunda bolsa Abdy Bäşimow agyr şikes aldy» — diýip, Meredow oýundan öň geçirilen metbugat ýygnagynda belledi.

Tälimçi şeýle hem halkara kuboklarynda Kaka­geldi Berdiýew bilen Hoja­geldi Hojowowyň şikes alandyklaryny, olaryň ýygyndy çagyrylandan soň çalşylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Yhlas Toýjanow hem şikes alypdyr. Mihail Titow bolsa maşgala ýagdaýy sebäpli milli ýygynda çagyrylmady.

Meredow şikes alan futbolçylaryň ýerine tejribeli oýunçylaryň çagyrylandygyny nygtady. «Biz uzak wagtdan bäri milli ýygynda çagyrylmadyk tejribeli futbolçylary – Zafar Babajanowy, Alybek Abdyrahmanowy çagyrdyk. Ilkinji gezek milli ýygyndynyň düzümine «Arkadagdan» Baýram Ataýew çagyryldy» — diýip, baş tälimçi aýtdy.

Meredowyň sözlerine görä, çagyrylan futbolçylaryň ählisi belli bir derejede uly tejribä eýe bolup, şikes alan oýunçylary deň derejede çalyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň we Hytaý Taýbeýiniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk sişenbe güni «Arkadag» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanýar.