Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Elman Tagaýew Hytaý Taýbeýine garşy 2027-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynyň saýlama oýundan öň janköýerlere ýüzlenip, olaryň goldawynyň topar üçin örän möhüm bolup durýandygyny aýtdy.
«Biz ilkinji nobatda muşdaklarymyza bil baglaýarys. Siz biziň 12-nji oýunçymyz, goldawyňyza garaşýarys, ol bize juda zerur» — diýip, Tagaýew metbugat ýygnagynda belledi.
Hüjümçi şeýle hem ýygyndynyň Aziýanyň Kubogyna çykmaga ýakyn bolmagyna garamazdan, arkaýynlaşmaga niýetiniň ýokdugyny nygtady. «Hawa, iki ädim galdy, ýöne arkaýynlaşyp bilmeris, ertir hökman ýeňmeli. Soňra ikinji ädim barada pikirlenip bileris» — diýip, milli ýygyndynyň kapitany aýtdy.
Öňde geçiriljek oýun D toparçasyndaky bäsleşik üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9 utuk toplap, şonça utugy bolan Taýland bilen liderligi paýlaşýar we öň geçirilen ähli dört oýunda ýeňlen Hytaý Taýbeýine garşy iň ýokary netijäni gazanmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň we Hytaý Taýbeýiniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk sişenbe güni «Arkadag» stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanýar.
