17-nji noýabrda Malaýziýanyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M. Maşalow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalygy we sebit ösüşi ministri Doktor Ahmad Zahid bin Hamidi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk türkmen tarapynyň başlangyjy bilen boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň gatnaşyjylary Türkmenistan bilen «Petronas» kompaniýasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Malaýziýa tarapy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara hereketi halal-önümler öndürmek we olaryň sertifikatlaşdyrylmagy ulgamynda işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.
