Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Güýzüň waspçysy, parahatçylygyň şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti — türkmen pelsepesiniň kämilligi» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Dabaranyň dowamynda şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan täsirli çykyşlara, çeper okaýyşlara hem-de onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlara giň orun berildi.
Şahyryň şygyrlaryndan düzülen edebi-çeper çykyş dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlary gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewa, Saragt Babaýew, Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Nury Allaberdiýew, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Amannepes Şyhnepesow, Begmyrat Weýisow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şeýle-de şahyryň uly gyzy Ýazgül Ezizowa dagy çykyş etdiler.
Gurbannazar Ezizowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi dabara özboluşlylyk berdi. Arhiw maglumatlary esasynda taýýarlanan wideoşekillerde şahyryň goşgy okap duran pursatlary aýratyn tolgunma döretdi hem-de tomaşaçylary şahyryň ýaşan döwrüne gaýybana syýahata atardy. Türkmenistanyň halk ýazyjylary Berdinazar Hudaýnazarowyň hem-de Annaberdi Agabaýewiň şahyr hakyndaky arhiw ýazgylarynda saklanyp galan ýatlama çykyşlaryna tomaşa edildi.
Şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Läle Begnazarowa, Atajan Berdiýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hem-de Aşgabat şäherindäki 4-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparlary, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň aýdym-sazly çykyşlary, çeper okaýyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
