14-15-nji noýabrda Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Sammitde innowasiýa, maglumat tehnologiýalary we arassa energetika ugurlary boýunça söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de bu ugurlarda maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanyň Söwda we senagat ministri Piýuş Goýal, Andhra-Pradeş ştatynyň baş ministri Nara Çandrababu Naidu we ýerli işewürler bilen duşuşyklary hem geçirdi.
Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.
