Turkmenportal logo
16.11.25
1671516715
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDU-nyň talyby «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň talyby Zyýada Ýusubowa «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

«Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde bu ýurduň «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Z.Ýusubowa bu bäsleşige internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.