Nýu-Ýork şäheriniň «Medison Skwer Garden» arenasynda UFC 322 ýaryşynyň çäginde ýarymagyr agramda çempionlyk ugrundaky esasy tutluşyk geçirildi. Russiýaly pälwan Yslam Mahaçew häzirki çempion, awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen duşuşdy.
Şeýlelikde, Mahaçew eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen, hasapda 50–45, 50–45, 50–45 görkezijileri bilen ýeňiş gazandy.
Russiýaly türgen bäş raundyň dowamynda hem üstünlikli «teýkdaunlary» (ýere ýykmak tärlerini) amala aşyrdy, awstraliýaly pälwan bosla bu tärlere garşy netijeli gorag tapyp bilmedi.
Şeýle-de bolsa, Mahaçewe tutluşygy möhletinden öň tamamlamak başartmady.
Bu ýeňişden soň Mahaçewiň hasabynda 28 ýeňiş we 1 ýeňiliş bar. Russiýaly türgen yzygiderlilikde 16-njy ýeňşini gazandy. Maddalena bolsa yzygiderli 19 ýeňişden soň ilkinji ýeňlişine sezewar boldy.
2025-nji ýylyň maý aýynda 34 ýaşly Yslam Mahaçew çempion bolan ýeňil agramyndan, ikinji agram derejesine geçipdi.
