Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýrak edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlarynda uly üstünlik gazanan ýerli we daşary ýurtly döredijilik işgärlerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleri — Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Sultan Raýew «Edebiýat», Täjigistanyň halk şahyry Dawlat Safarzoda «Medeniýet», M.Awezow adyndaky Gazak Milli drama teatrynyň aktýory Erkebulan Daýyrow «Teatr we kino», Azerbaýjanyň halk artisti Alim Gasymow «Aýdym-saz we tans», Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Bezeg we amaly-haşam sungaty», Özbegistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Halkara merkeziň direktorynyň orunbasary, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Dilfuza Egamberdiýewa «Ylym, bilim we sanly tehnologiýalar» ugry bäsleşigiň ilkinji ýeňijileri boldy.
Halkara baýragyň laureatlaryna baýragyň statuetkasy, diplom we 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Çärä gatnaşan Prezidentler halkara baýragyň eýeleri bilen bilelikde surata düşdüler.
