Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari, şeýle-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça döredilip, çagalara, hususan-da ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara 700-den gowrak lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Şeýle-de gaznanyň binýadynda Sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň dowamynda merkezde 900-e golaý çaga tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetde ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyny belledi.
Ilçi Farýal Legari gender deňligini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işleriniň Pakistanda ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary, şeýle-de 22-nji noýabrda Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda bilelikde amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
