7-nji noýabrda «GeoPolitica» žurnalynyň («Revista GeoPolitica») resmi saýtynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Bu söhbetdeşlik Türkmenistan bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we işjeň dialogy goldamaga gyzyklanma şaýatlyk edýär diýip, ilçihana habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda möhüm meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Ilçi Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň esasy ugurlary, onuň parahatçylyga, durnuklylyga we bitaraplyga bolan uzakmöhletli ygrarlylygy barada gürrüň berýär. Ýurduň sebit we ählumumy işlerde işjeň ornuny beýan edýän Türkmenistanyň ileri tutýan geosyýasy we geostrategik garaýyşlary barada hem aýratyn durlup geçilýär.
Söhbetdeşlikde 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maksatlaryna we dünýä derejesinde ynanyşmagy hem-de dialogy ilerletmek baradaky ähmiýetine uly orun berlipdir. Ilçi Türkmenistanyň energetika serişdeleri hem-de energetika ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasy barada hem giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan başga-da, söhbetdeşlikde türkmen däp-dessurlary, şeýle hem Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň dürli taraplary beýan edildi.
