Süýji tagamlary söýýänler üçin Zyýat Hiliň menýusyna täze goşulan desertler aýratyn ünsüňizi çekmek isleýäris. Olaryň her biri ilkinji dadylan bölekden başlap ýakymly we lezzetli duýgylary paýlamak üçin döredildi.
Ýertudanaly «Magnoliýa» — ýeňil gaýmak kremi bilen täze miweleriň hoşboý ysynyň utgaşýan ajaýyp türk deserti. Onuň ýeňiljek teksturasy we deňagramly süýji tagamy günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyň ajaýyp jemlenmesine öwrülýär.

Profitrolly puding — üýtgeşik tagamlary halaýanlar üçin datly süýjülik. Wanilli krem gaýmakly sousa siňdirilen mini-profitrollar bilen birleşip, ol ýumşak we howa ýaly ýeňil utgaşma emele gelýär.
«Üç şokolad» traýfli — bu şokoladly lezzetiň nusgasy. Bir bulgurda gara, süýtli we ak şokoladyň üç gatlagy birleşýär. Her gatlagyň özboluşly tagamy bar, bilelikde bolsa garşy durup bolmajak sazlaşyk döredýär.

Bu desertleriň hemmesi bir adamlyk gelşikli gapda hödürlenýär, şonuň üçin olary ýanyňyz bilen alyp gitmek, sowgat bermek ýa-da öýde lezzet almak üçin diýseň amatlydyr. Zyýat Hil süýji tagamlaryň diňe bir iýmit däl-de, eýsem söýgi bilen döredilen kiçijik sungat eseridigini ýene bir gezek subut edýär.
Sargydyň mukdary 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
