Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň mart aýynda Gaznanyň döredilmegi mynasybetli geçirilen halkara maslahatda degişli resminama gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bu duşuşygyň çagalaryň we zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
