Turkmenportal logo
13.11.25
1825318253
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ilkinji gezek kartografiýa boýunça internet - olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I Internet- olimpiadasynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň berýän habaryna görä, bäsleşigiň guramaçysy institutyň geodeziýa kafedrasy bolup, ol 17-nji dekabrda sagat 15:00-da geçiriler.

Olimpiadada dürli ugurlar boýunça okaýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden 5-den köp bolmadyk talybyň gatnaşmagyna mümkinçilik berilýär.

Bäsleşik şahsy görnüşde geçiriler.

Gatnaşýanlar 50 soragdan ybarat bolan test-synagyndan geçmeli bolar.

Olimpiadada çykyş etmek isleýänler 10-njy dekabra çenli tdbgi.kartografiya@gmail.com elektron salgysyna gatnaşjak talyplar we olaryň ýolbaşçysy barada maglumat ibermelidirler.

Arza tabşyrmak we olimpiadanyň geçirilmegi baradaky jikme-jik maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 61 669421; +993 12 281840.