Şu gün Niger Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Ali Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, A.Gurbanow ilçini bu möhüm wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň diplomata ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.
Söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Nigeriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara düzümleriniň, esasan hem, BMG-niň çäklerinde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň zerurdygy bellenildi diýlip, habarda bellenilýär.
