Hytaýyň Eksport–import banky Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň, sanly integrasiýasynyň we «akylly» logistikasynyň ösdürilmegi babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyr. Bu barada bankyň Özbegistandaky sebit boýunça wekili Han Sýaopin Aşgabatda geçirilen «Türkmentel – 2025» hem-de «ITTC – 2025» halkara maslahatlarynyň açylyş dabarasynda aýtdy.
Han Sýaopiniň sözlerine görä, Hytaý bilen Türkmenistan gadymy dostlukly döwletler bolup, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede durnukly ösdürilýär. «Hytaýyň Eksport–import banky Türkmenistanyň bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär we ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşini goldamagy öz möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görýär» — diýip, ol belledi.
Bankyň wekili täze tehnologiýalaryň çalt ösüşiniň dünýä ulag ulgamlarynyň işini düýpli üýtgedýändigini, baglanyşyklylygyň giňelmegine we serhetara logistikanyň ösmegine ýardam edýändigini nygtady. «Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm nokatda ýerleşip, sebitara arabaglanyşygy ösdürmekde özboluşly artykmaçlyklara eýedir» — diýip, Han Sýaopin aýtdy.
Ol ulag pudagynyň Hytaýyň Eksport–import bankynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, bankyň Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlarynda iri ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagyna üstünlikli ýardam berendigini we sebitde arabaglanyşygy hem-de ykdysady ösüşi goldaýandygyny belledi.
«Biz Türkmenistanyň degişli edaralary we hyzmatdaşlary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagy, ulag ulgamlary, sanly integrasiýa we «akylly» logistika boýunça täze taslamalary ilerletmegi meýilleşdirýäris» — diýip, bankyň wekili aýtdy. Ol Hytaý tarapyndan öňdebaryjy inženerçilik kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistana ygtybarly we özara peýdaly çözgütleriň hödürlenjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
