Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Jibuti Respublikasynyň daşary işler ministri Mahmud Ali Ýusubyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik we ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Diplomatlar iki ýurduň BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek boýunça garaýyşlaryň umumydygyny nygtadylar.
Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk görmek barada pikir alşyldy.
