Asly türkmen bolan eýranly rep aýdymçysy Emin Rasen Stambul şäherinde konsert bilen çykyş etdi. Çykyş Haliç köprüsiniň golaýynda geçirildi we ol üç sagat dowam etdi.
Konsert myhmanlar üçin agşamlyk nahary bilen utgaşdyrylan medeni çäre görnüşinde guraldy. Çykyşda rep aýdymçynyň Alma bilen bilelikde ýerine ýetiren duet kompozisiýalary hem ýaňlandy. Bu aýdymlar ozal diňleýjileriň arasynda meşhurlyk gazanypdy.
Konsert gäminiň üstünde geçirildi. Guramaçylaryň bellemegine görä, janly ýaňlanýan aýdym-saz bilen deňziň ýakymly gurşawynyň utgaşmagy myhmanlar üçin aýratyn täsirli ýagdaý döretdi.
Emin Rasen «Turan», «Monolog», «Dem-deme», Ahmet Atajanow bilen bilelikde ýerine ýetirilen «Ýaşasyn Türkmen», şeýle hem «Bereket» ýaly kompozisiýalary bilen hem meşhurlyk gazandy.
Geçen ýylyň dekabr aýynda Emin Rasen 23-nji dekabrda geçirilen Täze ýyl konsertine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu onuň Türkmenistana eden ikinji sapary boldy. Ýerli žurnalistler bilen söhbetdeşlikde ol Türkmenistana dolanyp gelendigine örän begenýändigini we bu ýurda gelmegi köpden bäri arzuw edendigini belledi.
