Halkara monitoring ulgamynyň (IMS) düzümine girýän we maglumatlary halkara maglumat merkezine ygtybarly ugradylmagyny üpjün edýän PS44 «Alibek» Ilkinji seýsmiki stansiýasynda meýilleşdirilen hyzmat ediş işlerini geçirmek üçin CTBTO-nyň bilermenler topary Türkmenistanda saparda bolar.
Bu barada Wenada geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisinde eden çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Güljemal Saryýewa belledi.
Şeýle-de ylmy-tehniki mümkinçilikleri berkitmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli maglumat merkezini ösdürmegi dowam edýändigi hem-de CTBTO-nyň okuw we taýýarlyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda sebit ýurtlarynyň Milli maglumat merkezleriniň hünärmenleri üçin sebitleýin okuw sapaklaryny geçirmäge taýýardygy mälim edildi.
G.Saryýewa türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň şertnamanyň gol çekilmegi üçin açylmagyna we Türkmenistanyň oňa goşulyşmagyna 30 ýyl dolýandygy bilen bagly aýratyn ähmiýetli ýyl boljakdygyny nygtap, guramanyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek baradaky tagallalaryna ygrarlylygynyň tassyknamasy hökmünde bu senelere bagyşlanan çärelere gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Güljemal Saryýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 10 — 12-nji noýabr aralygynda Wenada geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýandygyny habar beripdik.
