«Döwletli Çynar» hususy kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna daşary ýurtlara sapar etmek üçin wiza resmileşdirilmeginde toplumlaýyn hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiliginiň bardygyny ýatladýar. Kompaniýa Ýewropa ýurtlaryna, GDA-nyň döwletlerine, Italiýa, Ispaniýa, Russiýa, Günorta Koreýa we beýleki ugurlara wiza almak üçin zerur resminamalary ýygnamakda we taýýarlamakda kömek berýär.
Bu hyzmat syýahatçylara, telekeçilere hem-de daşary ýurtlara okuwa gidýän talyplara ýa-da işlemäge gitmegi meýilleşdirýän raýatlara niýetlenendir. Kärhananyň hünärmenleri resminamalaryň doly toplumyny barlap, olaryň degişli ýurduň talaplaryna laýyk gelýändigine göz ýetirýärler, bu bolsa wiza berilmeginden ýüz öwrülmeginiň töwekgelçiligini peseldýär.
«Döwletli Çynar» kärhanasynyň işgärleri toplumlaýyn hyzmatyň müşderileriň wagtyny tygşytlamaga hem-de wiza tabşyrmak işini mümkin boldugyça amatly we ygtybarly etmäge mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar.
Hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlary almak ýa-da maslahatlaşmak üçin «Döwletli Çynar» kärhanasy bilen aşakdaky salgylaryň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz:
Salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi 52A (öňki Atabaýew köçesi), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
Telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
Sosial ulgamdaky sahypasy.
