Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 11-12-nji noýabrda Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Russiýada döwlet saparynda bolar. Bu barada Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Gepleşikleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda strategiki hyzmatdaşlyk boýunça rus-gazak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar» diýlip, habarda bellenýär.
«Putin we Tokaýew wideoaragatnaşyk boýunça Gazagystanyň Uralsk şäherinde geçjek Russiýa bilen Gazagystanyň sebitara hyzmatdaşlygynyň XXI forumynyň plenar ýygnagyna gatnaşyjylara ýüzlenerler» diýlip, Kremliň metbugat gullugy habar berýär.
Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
