«Silk Way Star» atly halkara aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 22-nji noýabrda geçiriler — diýip, guramaçylar habar berdiler. 12 döwletiň wokalistlerini – aýdymçylaryny birleşdiren bu taslama öz ýeňijisini kesgitleýär, oňa «Aziýanyň baş aýdymçysy» diýen at berler.
Şu möwsümde bäsleşige Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan, şeýle hem Malaýziýadan we Koreýa Respublikasyndan ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.
Jemleýji tapgyryň aýratynlygy tomaşaçylaryň ýeňijini kesgitlemekde işjeň gatnaşmagydyr. Şu möhüm çykyş güni bäsleşigiň netijesine resmi «Silk Way Star» saýtynda öz söýgüli gatnaşyjysyna ses berýän ulanyjylar täsir edip bilerler.
«Silk Way Star» bäsleşiginiň ajaýyp finalynyň göni ýaýlymy 22-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 20:00-da «Jibek Joly» teleýaýlymynda başlanar.
