Türkmenistanda «RŽD-Medisinanyň» lukmanlarynyň gatnaşmagynda «Rehimdarlyk missiýasy» atly halkara meýletinçilik maksatnamasynyň ikinji tapgyry başlandy.
Rus lukmanlarynyň toparynyň düzümine dürli ugurlar boýunça öňdebaryjy hünärmenler girýär: lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, kardiohirurg Zaur Şuguşew; lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, ýokary derejeli terapewt, dosent Sergeý Çeremuşkin; hirurg Kamill Weliýew; lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, ýokary derejeli oftalmolog (göz lukmany) Olga Dowgilewa; lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, nerw keselleriniň lukmany Laris Dawydowa hem-de akuşer-ginekolog Natalýa Dawydenko.
Missiýanyň çäklerinde hünärmenler Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine we saglygy goraýyş edaralaryna baryp görerler. Şeýle-de rus lukmanlarynyň gatnaşmaklarynda ýerli hünärmenler hem-de lukmançylyk ugurlary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw sapaklary we leksiýalar geçiriler.
«Rehimdarlyk missiýasy» maksatnamasy 2021-nji ýyldan bäri «Rossotrudniçestwo» guramasy we «Dobro.RF» Assosiasiýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Taslamanyň çäklerinde Russiýanyň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hünärmenleri dünýäniň dürli ýurtlarynda adamlara we guramalara kömek edýärler. Taslamanyň hereket edýän döwründe, takmynan, 50 meýletinçilik sapary guralyp, 20 döwletiň 15 müňden gowrak raýaty kömek aldy.
