Türkmenistanda şu hepde howanyň ýene-de maýlamagyna garaşylýar: käbir sebitlerde gündizki temperatura +25°С-den +27°С derejä çenli ýetip biler.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirilen howa maglumaty bilen tanyşdyrýarys.
Aşgabatda: hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa, kä ýerlerde açyk, gündogar we demirgazyk-günbatar ugurdan öwüsýän, tizligi sagatda 9–12, 13–15 metre ýetýän şemally howa bolar. Howanyň temperaturasy gijelerine +4...+6°С-den +10...+12°С-e çenli, gündizlerine +18...+20°С-den +24...+26°С-e çenli bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa, gündogar we demirgazyk-günbatar ugurdan öwüsýän, tizligi sagatda 8–13, 12–17 metre ýetýän şemally howa bolar. Gijelerine +6...+11°С-den +11...+16°С-e çenli, gündizlerine +22...+27°С, kenarýaka sebitlerde +16...+21°С.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa, hepdäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Şemal gündogar we demirgazyk-günbatar ugurdan öwüsýän, tizligi 7–12, 10–15 metr/sagat aralygynda. Gijelerine +2...+7°С-den +8...+13°С-e çenli, gündizlerine +17...+22°С-den +22...+27°С-e çenli.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa, şemal günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar ugurdan öwüsýän, tizligi 8–13, 10–15 metr/sagat aralygynda. Gijelerine +1...+6°С-den +4...+9°С-e çenli, gündizlerine +16...+21°С-den +20...+25°С-e çenli.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa, şemal gündogar we demirgazyk-günbatar ugurdan öwüsýän, tizligi 7–12, 11–16 metr/sagat aralygynda. Gijelerine -1...+4°С-den +4...+9°С-e çenli, gündizlerine +15...+20°С-den +19...+24°С-e çenli.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa, şemal günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar ugurdan öwüsýän, tizligi 7–12-den 10–15 metr/sagat aralygynda. Gijelerine -1...+4°С-den +3...+8°С-e çenli, gündizlerine +12...+17°С-den +16...+21°С-e çenli.
