Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bag ekmek boýunça köpçülikleýin güýz möwsüminiň açylyş dabarasynda oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.
«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi» - diýlip, habarda aýdylýar.
Soňra Milli Lider Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky möwsümiň ilkinji bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.
Çärä gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagyň göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen bag nahallaryny ekmäge girişdiler.
Dabara «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň we çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy artistler bilen söhbetdeş bolup, milli sungaty baýlaşdyrmak we türkmen medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek ugrunda edilýän tagallalaryň ähmiýetini aýratyn belledi.
