Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda jemi sekiz medal gazandylar.
Ýaryşyň soňky gününde türkmen samboçylary milli ýygyndynyň gaznasyndaky medallaryň sanyny dört medal bilen artdyrdylar — üç kümüş we bir bürünç medal.
Sport sambosy boýunça erkekleriň arasynda 98 kilogram agram derejesinde kümüş medaly Guwanç Begaliýew gazandy. Söweş sambosy boýunça erkekleriň arasynda 58 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala Hakberdi Jumayew mynasyp boldy. Aýallaryň arasynda 80 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa kümüş medal bilen sylaglandy, 65 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Zyba Orunowa dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe boldy.
Sambo boýunça dünýä çempionaty Bişkekde 7-9-njy noýabr aralygynda geçirildi. Ilkinji iki ýaryş gününde türkmen türgenleri iki kümüş we iki bürünç medal gazandylar.
