Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününde türkmen türgenleri bir kümüş we bir bürünç medal gazandylar. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär.
Medallaryň ikisi hem söweş sambosy boýunça gazanyldy. 71 kilogram agram derejesinde Muminjan Arzykulyýew kümüş medala mynasyp boldy, 98 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Bezirgen Begenjew bürünç medal gazandy.

Dünýä çempionatyna 80 ýurtdan 700-den gowrak türgen gatnaşýar. Ýaryşlar 9-njy noýabrda tamamlanýar.
Ýaryşyň birinji gününde hem Türkmenistanyň wekilleri bir kümüş we bir bürünç medal gazandylar.
