Turkmenportal logo
08.11.25
2656826568
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ykdysady meselelere bagyşlanan türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbari bilen duşuşdy.

Duşuşyk iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.