Aşgabatda stil we hil bilen gyzyklanýanlar üçin täze giňişlik — premium derejeli italýan öý tehnikasynyň Smeg brendiniň sergi otagy açyldy. «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezindäki täze dükanda italýan dizaýnynyň we sazlaşygynyň gurşawyny her bir enjamda görüp we duýup bolýar.

Smeg — 1948-nji ýylda esaslandyrylan italýan brendi bolup, özboluşly retro dizaýny we ýokary hili bilen tanalýar. Harytlaryň görnüşlerinde — sowadyjylar, gazanlar, kofe enjamlar, mikserler we beýleki enjamlar bar, olar aşhanany stil bilen doldurýan giňişlige öwürýär. Her bir enjam meşhur dizaýnerler we binagärler bilen hyzmatdaşlykda döredilýär, olar görnüşi, möçberleri we jikme-jikleri öýüň rahatlygy we duýgusy bilen utgaşdyrýar.

«Biz müşderileriň Smeg tehnikasynyň diňe bir enjam däl-de, olaryň şahsy stili we öý rahatlygynyň bir bölegi bolup durýandygyny duýmaklaryny isleýäris. Täze sergi otagymyz her bir adama muny öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik berýär» — diýip, sergi otagynyň bilelikdäki dolandyryjysy Mahym Myratgulyýewna belleýär. Onuň sözlerine görä, Smeg tehnikasy öýüňize özboluşly gelşik berer we öz dizaýny bilen size diňe şatlyk getirer.

Sergi otagy her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli açyk. Myhmanlar önümler bilen tanşyp, menejerlerden maslahat alyp, özleri üçin italýan durmuş stiliniň estetikasyny açyp bilerler.
Salgysy: «Arkaç» SDAM
Telefon: +993 62 119 666
www.arwana-mebel.com.tm
Sosial ulgamdaky sahypasy:
