Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni bilen gutlady. Bu barada TDH habar berdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Prezident Serdar Berdimuhamedow Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutany A.Ataýewa Gahryman Arkadagyň adyndan gül dessesini gowşuryp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
A.Ataýewa 30 ýyl bäri BMG-de Türkmenistana wekilçilik edýär. Ol 1995-nji ýylyň 23-nji fewralynda ilçi hökmündäki ynanç hatyny BMG-nyň şol wagtky Baş sekretary Butros Butros-Galä gowşurdy. 2019-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde oňa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy we «Altyn Aý» – aýratyn tapawutlandyryş medaly bilen sylaglandy.
