ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky sammitiň netijeleri barada öz pikirini aýtdy. Bu sammit Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
«Düýn men Ak tamda Gazagystandan Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistandan Şawkat Mirziýoýew, Täjigistandan Emomali Rahmon, Gyrgyzystandan Sadyr Žaparow we Türkmenistandan Serdar Berdimuhamedow bilen bäş ajaýyp ýurduň Prezidentleri bilen sammit geçirmek hormatyna eýe boldum» — diýip, Tramp özüniň «Truth Social» sosial ulgamyndaky ýazgysynda belledi.
Prezident Tramp duşuşygyň ykdysady ähmiýetini nygtap, hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem durup geçdi.
«C5+1» görnüşdäki duşuşygyň 10 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde biz milliardlarça dollarlyk söwda şertnamalaryna gol çekdik. Bu şertnamalar awiasiýa, möhüm minerallar, oba hojalygy, demir ýol, awtoulag önümçiligi we tehnologiýalar ýaly ugurlarda on müňlerçe amerikan iş ornuny goldar. Biziň sammitimiz ABŞ bilen Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda ajaýyp, täze gatnaşyklarynyň dowamy boldy – diýip, Tramp sözüni jemledi.
